Philips Saeco SM8780/00 - Manual de uso - Página 92

Philips Saeco SM8780/00

Máquina de café Philips Saeco SM8780/00 - Manual de uso, léela gratuitamente en línea en formato PDF. Esperamos que esto te ayude a resolver cualquier duda que puedas tener. Si tienes más preguntas, contáctanos a través del formulario de contacto.

Cargando la instrucción

577

Türkmençe

Gaýnadyjynyň sazlamalaryny sazlamak

Sazlamaalr şekiljigine degmek we ekrandaky ädimlere eýermek arkaly gaýnadyjynyň sazlamalarynyň
köpüsini düzüp bilersiňiz.

Onlaýn goldaw (ýygy soralýan soraglar, wideolar we ş.m.) üçin şu kitapçanyň sahabyndaky QR koduny
okadyň ýa-da

www.saeco.com/care

salgysyna giriň.

Suwuň talhlygyny bellemek

Gaýnadyjynyň optimal öndürijiligi we has uzak hyzmat möhleti üçin, suwuň talhlyk sazlamasyny

sebitiňizdäki suwuň talhlyk derejesine sazlamagyňyz maslahat berilýär. Ol gaýnadyjynyň kesmegini gaty
ýygy aýyrmaly bolmagyňyzyň hem öňüni alýar. Standart suw talhlygy sazlamasy 4-dür: talh suw.

Sebitiňizdäki suw talhlygyny kesgitlemek üçin, gutuda berlen suw talhlygy synag
zolajygyny ulanyň:

1

Suw talhlygy synag zolajygyny kranyň suwuna çümdüriň ýa-da ony kranyň aşagynda 1 sekunt saklaň (Sur.
12).

2

1 minut garaşyň. Synag zolajygyndaky gyzyla öwrülen kwadratlaryň sany suwuň talhlygyny görkezýär
(Sur. 13).

Gaýnadyjyny dogry suw talhlygyna belläň:

1

Sazlamalar şekiljigine degiň we "Suwuň talhlygyny" saýlamak üçin çepden saga tarap gaýdyryň.

2

Suwuň talhlygynyň derejesini saýlaň. Displeýde saýlanylan gyzyl inedördülleriň sany bilen synag
zolajygyndaky gyzyl inedördülleriň sany birmeňzeş bolmalydyr (Sur. 14).

3

Dogry suw talhlygyny bellän wagtyňyz, tassyklamak üçin tassyklaýyş şekiljigini basyň.

Üweme sazlamasyny düzmek

Kofe dänesi üçin konteýneriň içindäki üwemäni sazlaýan geçiriji bilen kofe berkligini sazlap bilersiňiz.
Üweme sazlamasy pes boldugyça kofe däneleri has ownuk üwelýär, kofe bolsa şonça berk bolýar. Saýlamak
üçin 12 dürli üweme sazlamasy elýeterlidir.

Bu gaýnadyjy size kofe däneleriniň iň aňrybaş tagamyny bermek üçin sazlanandyr. Şonuň üçin size 100–150
çaşka (takmynan 1 aý ulanyş) içgi taýýarlaýançaňyz üweme sazlamasyny sazlamagy maslahat bermeýäris.

Tagamdaky tapawudy doly dadyp bilmegiňiz üçin 2-3 sany içgi gaýnatmagyňyz gerek.

Üweýjä zeper ýetirmez ýaly üwemäni sazlaýan geçirijini bir gezekde bir towdan artyk aýlamaň.

1

Esasy menýuda Kofe däneleri şekiljigine basyň.

2

"Üweýji" şekiljigine degiň.

3

"Nädip etmeli" wideosyna tomaşa ediň.

Zawod sazlamalaryny dikeltmek

Gaýnadyjy zawod sazlamalaryny islendik pursatda dikeltmek mümkinçiligini hödürleýär.

1

Sazlamalar şekiljigini basyň.

2

"Zawod sazlamalary" saýlamak üçin çepden saga gaýdyryň. Tassyklama şekiljigine degip tassyklaň.
-

Sazlamalar häzir dikeldilip dur.

Şu aşakdaky zawod sazlamalary standarda dikeldildi: suwuň talhlygy, garaşma wagty, displeý ýagtylygy,

ses

,

öň tarapyň yşyklandyrylyşy, profiller, gabyň çyrasy, ölçeg birlikleri, öý ekranyň sazlamalary, BeanMaestro

saýlawlary, Wi-Fi giriş maglumatlary, programma täzelemeleri boýunça islegler, Saeco ygtyýarlyklary,
Amazon ygtyýarlyklary.

"Cargando la instrucción" significa que debes esperar hasta que el archivo se cargue y puedas leerlo en línea. Algunas instrucciones son muy grandes y el tiempo de carga depende de la velocidad de tu conexión a Internet.

Otros modelos de máquinas de café Philips